«Renault» kompaniýasy elektrokara öwrülen we adynyň yzyna «E-Tech» goşulmasy goşulyp, gaýtadan döredilen «Renault 5» modeliniň ilkinji suratlaryny görkezdi. Suratlar fransuz awtoulag öndürijisiniň metbugat gullugy tarapyndan neşir edildi. Awtoulagyň esasy aýratynlyklarynyň biri – kapotynda displeýiň ýerleşdirilmegidir. Ol asyl ykjam hetçbekdäki howa germewleriniň ýerleşýän ýerine oturdylypdyr. Onda 5-lik belgi bilen batareýanyň dereje görkezijisi şöhlelendirilýär. «Renault 5 E-Tech-iň» uzynlygy 3,9 metre deňdir. Satuw başlananda awtoulaglar 400 km çenli hereket ätiýaçlygyny üpjün edýän 52 kWt sygymly batareýa bilen hödürlener. Soňrakky üýtgeşmeleriň çägklerinde has az sygymly batareýaly (40 kWt) nusga peýda bolar. «Renault 5 E-Tech-iň» başlangyç bahasy takmynan 25 müň ýewro bolar. Täze önüm indiki ýylyň 26-njy fewralynda Ženewada geçiriljek halkara awtoulag sergisinde tanyşdyrylar. «Renault 5» hetçbeki 1972-nji ýyldan 1996-njy ýyla çenli öndürildi, şol döwürde dürli ýurtlarda 5 million awtoulag satyldy.