Bu dünýäde ilkinji zarýad beriji ýol bolmasa-da, ABŞ-da ilkinjidir. Ol edil adaty simsiz zarýad berijiler ýaly işleýär: asfalta kebşirlenen katuşkalar, ýoldan geçip barýan elektrik ulagynda ýörite zarýad kabul ediji stansiýa bolan ýagdaýynda, işjeňleşýärler. Häzirki wagtda, Germaniýada, Ysraýylda, Italiýada, Hytaýda, Şwesiýada we Fransiýada bolşy ýaly, bu synagdyr. Zarýad beriji ýoluň uzynlygy bary-ýogy 400 metr, awtoulaglaryň hemmesiniň ondan zarýad alyp bilmejegi belli. Ony işläp düzmek bilen Electreon meşgullanýar. Kompaniýa agzalan tehnologiýanyň elektrik ulaglaryny ýörgünli etmäge täsirini ýetirjekdigini çaklaýar. Şeýle ýollar hemme ýerde çekilse, elektrikli ulaglara ýokary kuwwatly batareýalar gerek bolmaz, bu bolsa awtoulaglaryň has ýeňlemegine we arzanlamagyna sebäp bolar. Şeýle hem kompaniýa zarýad bermegiň bu usulynyň ýoluň töweregindäki adamlara, haýwanlara we ösümliklere zyýan bermeýändigini öňe sürýär. Electreon Miçigan ştatynyň hemme ýerinde synag meýdançalarynyň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir