2029-njy ýylyň ahyryna çenli dünýäde 5G ulanyjylaryň sany 5,3 milliarddan geçer we her smartfon üçin ortaça aýlyk maglumatyň sarp edilişi 21 GB-dan 56 GB-a çenli ýokarlanar, Ericsson Mobility Report-yň 2023-nji ýylyň noýabr aýyndaky hasabatynda şunuň ýaly hasaplamalar görkezilýär. Şeýle hem, 2029-njy ýylyň ahyryna çenli dünýä ilatynyň 85 göterimi 5G ulgamyna girip biler. 2023-nji ýylyň ahyryna çenli ykdysady kynçylyklara we geosyýasy tolgunyşyklara garamazdan, ykjam aragatnaşygyň dünýädäki her bäş abonentiniň biri diýen ýaly 5G-e birikdiriler. 2023-nji senenama ýylynda 5G-iň täze 610 million ulanyjysy hasaba alnar, bu 2022-nji ýyldakydan 63 göterim köpdür, netijede dünýädäki ulanyjylaryň umumy sany 1,6 milliarda ýeter, bu bolsa öňünden çak edilişinden 100 million köpdür. Kompaniýanyň 2023-nji ýylyň noýabr aýyndaky hasabaty ykjam giň zolakly aragatnaşyk, simsiz giriş, oýun hyzmatlary we AR / VR esasly hyzmatlaryň 5G üçin iň köp ulanylýan ýagdaýdygyny tassyklaýar. Demirgazyk Amerika 5G ulanmakda öňdebaryjy bolup galýar: 2023-nji ýylyň ahyryna çenli sebit dünýäde 5G-iň iň ýokary derejede ornaşan ýeri - 61 göterim bolar diýlip garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir