«Toyota» Brýusselde geçirilen maslahatda göwrümi boýunça benzin bilen işleýän «C-HR» ulagyna meňzeş şäher üçin niýetlenen elektrikli krossoweriniň konseptini tanyşdyrdy. Täze önümiň umumy uzynlygy 4300 mm, ini – 1820 mm, beýikligi – 1620 mm. Awtoulag öňdäki tekerleri we ähli tekerleri hereketli, bir hereketlendirijili we goşa hereketlendiriji nusgalarda elýeterli bolar. Şeýle hem alyjy kuwwaty boýunça tapawutlanýan iki batareýanyň birini saýlap biler. «Toyota» kompaniýasynyň bu konsept ulagy «C-HR-den» has gysgadyr we dardyr, ol bazarda «Volvo EX30» bilen bäsleşer. Awtoulag öndürijisi «Urban SUV» ulagynyň takyk tehniki aýratynlyklaryny aýan etmediler. Şol bir wagtyň özünde, täze krossoweriň ýapon korporasiýasynyň Ýewropa bazaryna çykarmak isleýän alty sany elektrikli modeliniň arasynda iň ykjamy we elýeterlisi boljakdygy mälim edildi. Ulagyň önümçilik üçin niýetlenen görnüşi 2024-nji ýylda tanyşdyrylar.