«Bvlgari» kompaniýasy ýaryşly wideo oýnunda peýda boljak «Aluminum Vision Gran Turismo» konsept awtoulagyny tanyşdyrdy. Bu barada italýan sagat brendiniň metbugat gullugy habar berdi. Kompaniýanyň wekilleriniň bellemeklerine, awtoulag döredilende dizaýnerler 1998-nji ýyldaky «Bvlgari Aluminum» sagadyndan ylham alypdyrlar. Awtoulagyň üstünde ulaglaryň dizaýnyna ýöriteleşen «Pininfarina» kompaniýasynyň dizaýn boýunça ozalky direktory Fabio Filippini işläpdir. Rodster görnüşli ulag hoz agajy bilen örtülen sport ruly, şeýle hem dolandyryş panelinde hronograf görnüşli spidometr bilen üpjün edildi. Ulagyň tehniki aýratynlyklary mälim edilmedi. «Bvlgari Aluminum» awtoulagy 2024-nji ýylda «Gran Turismo 7» wideo oýunynda peýda bolar. Konsept awtoulag «Gran Turismo» oýunlar seriýasy üçin awtoulag kompaniýalary tarapyndan geljegiň konsept awtoulaglarynyň taslamasyny döretmäge niýetlenen «Vision Gran Turismo» maksatnamasynyň çäklerinde döredildi. Bu maksatnama «Ferrari», «BMW», «Lamborghini», «Porsche», «McLaren», «Bugatti» we beýleki öndürijiler hem gatnaşypdylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir