Amerikaly aktýor we režissýor Will Smit «Men – rowaýat» filminiň ikinji bölüminiň üstünde işlenilýändigini barada aýtdy. Aktýor filmiň ikinji bölüminde surata düşjek kärdeşi aktýor Maýkl B. Jordan bilen telefon arkaly habarlaşmagy meýilleşdirýändigini, şeýle hem ýakynda «Men – rowaýat 2» filminiň ssenariýesini alandygyny aýtdy. «Ssenariý ýaňy geldi... Men gaty köp maglumat berýärin öýdýärin...» diýip belledi we taslamanyň beýleki aýratynlyklaryny paýlaşmakdan saklandy. Smit taslamanyň asyl nusgasynda baş gahryman Robert Newilliň filmiň ahyrynda ölendigine garamazdan, filmiň baş gahrymanynyň diri galýan başga bir DVD nusgasynyň bardygyny hem sözüniň üstüne goşdy. Şol nusganyň esasynda hem filmiň dowamy surata düşüriler. Şu ýylyň başynda baş keşpleri aktýorlar Will Smitiň we Maýkl B. Jordanyň ýerine ýetirmeklerinde «Men – rowaýat» atly postapokaliptik söweşli trilleriň dowam filminiň hem alternatiw jemlemesiniň bardygy mälim edildi. «Men – rowaýat» filmi 2007-nji ýylda çykdy. Şol döwürde film 150 million dollar býujet bilen dünýäde 585 million dollardan gowrak girdeji gazandy. Onuň režissýory «Açlyk oýunlary» film franşizasy bilen tanalýan Frensis Lourensdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir