«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabadyň üsti bilen Kazan — Bangkok ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlarynyň amala aşyrylyp başlanjakdygy habar berdi. Bu barada awiakompaniýanyň Russiýadaky wekilhanasynyň saýtynda aýdylýar. Gatnawlar Kazan şäherinden anna we şenbe günleri, Bangkokdan bolsa şenbe we ýekşenbe günleri ýerine ýetiriler. Uçuşlaryň 22-nji dekabrda başlanmagy meýilleşdirilýär. Awiabiletleri «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň https://turkmenistanairlines.ru saýtyndan ýa-da “avia@itmgroup.ru” elektron poçta salgysyna hat ibermek arkaly almak bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir