Apple tehnologiýa korporasiýasynyň bazar bahasy 3 trln dollara gaýdyp geldi. Muny NASDAQ amerikan biržasynyň söwda maglumatlary delillendirýär diýip, lenta.ru habar berýär. 5-nji dekabrda geçirilen söwdanyň jemi boýunça, IT ägirdiniň bazar bahasy 3,009 trln dollar bilen bahalandyrylýar. Onuň gymmatly kagyzlarynyň bahasy sessiýanyň ahyrynda 193,42 dollara çenli ýokarlanyp, 2,11 göterim ösüş görkezdi. Ilkinji gezek Apple-iň bazar bahasy 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda üç trln dollardan geçdi, ýöne kompaniýa bu bellikde uzak wagtlap saklanyp bilmedi. Şol bir wagtyň özünde, şol wagt kompaniýa Beýik Britaniýanyň tutuş ykdysadyýetinden ýa-da Germaniýanyň fond bazaryndan hem gymmat durýardy. Ikinji gezek bazar bahasynyň şeýle derejesine 2023-nji ýylyň iýun aýynyň ahyrynda ýetmek başartdy. Şonda kompaniýanyň bazar bahasy 3,029 trln dollara barabardy. Bu görkeziji boýunça tehnologiýa korporasiýasy ýakyn bäsdeşi Microsoft-dan tas 500 mlrd öňe geçdi. Şeýlelik bilen, kompaniýanyň bazar bahasy 2022-nji ýylyň başyndan bäri üçünji gezek 3 trln dollardan geçdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir