Pantone halkara gözleg instituty 2024-nji ýylyň esasy reňkini yglan etdi. Degişli material kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, lenta.ru habar berýär. Şeýlelikde, bu 13-1023 Peach Fuzz şetdaly reňki boldy. Peach Fuzz aňlatmasy “tüýjümek” – şetdalynyň gabygyny örtýän ýumşak tüýjagaz diýen manyny berýär. Gurama bu reňki “ýyly we rahat” we adamyň duýgudaşlygyny, daş-töweregindäkiler bilen ýakyn bolmak islegini aňladýan, şeýle-de özüň we beýlekiler barada alada etmek islegini görkezýän hökmünde häsiýetlendirdi. “Bu aňyňy, bedeniňi we ruhuňy baýlaşdyrýan mahmal, näzik şetdaly öwüşgini” – diýip, Pantone reňk institutynyň ýerine ýetiriji müdiri Leatris Eýsman belleýär. Ýatlap geçsek, Pantone 2023-nji ýylyň esasy reňki hökmünde 18-1750 Viva Magenta malina-gyzyl reňki saýlady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir