“Ewerest 2024” halkara küşt ýaryşy 2024-nji ýylyň ýazynda Ewerestiň eňňitlerinde geçiriler. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, championat.com habar berýär. Ýaryşlaryň birinji tapgyry Nepal tarapdan Ewerestiň esasy lagerinde 12 tapgyrdan ybarat bolan şweýsar ulgamyna laýyklykda geçiriler. Ikinji tapgyr diňe Ewereste çykmaga rugsady bolan alpinistler üçin geçer. Birinji tapgyra iň gowy gatnaşyjylardan sekiz adam saýlanyp alnar. Ikinji tapgyr (dörtden bir final, ýarym final we final) kislorod enjamlaryny ulanmak bilen geçiriler. Üç oýundan ybarat final 8000 metr belentlikde geçiriler. Çäräniň Ginnesiň rekordlar kitabyna, Russiýanyň we Nepalyň rekordlar kitabyna girmegine garaşylýar. Ýaryşlaryň umumy baýrak gaznasy 150 müň dollar bolar. Ýeňiji 4 mln rubl alar. Belläp geçsek, Ewerest dünýäniň iň beýik depesidir (deňiz derejesinden 8848 metr).