Google kompaniýasy emeli aňyň esasyndaky ChatGPT-niň esasy bäsdeşi bolup biljek Gemini çat-botuny hödürledi. Bu barada TASS habar berýär. “Gemini – bu Google toparynyň, şol sanda Google Research-den kärdeşlerimiziň bilelikdäki tagallalarynyň netijesi. Ol tekst, kod, audio, şekiller we wideo ýaly dürli görnüşli maglumatlary umumylaşdyryp, aňsatlyk bilen düşünip, işläp we kombinirläp bilýär” – diýlip, kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirilen beýanda aýdylýar. Gemini 170-den gowrak ýurtda iňlis dilinde elýeterli bolar. Google fewral aýynda Microsoft korporasiýasyndan şuňa meňzeş ChatGPT botunyň meşhurlygynyň artmagy esasynda emeli aňa esaslanýan Bard çat-botuny hödürläpdi. Programmalar adamlaryň aragatnaşygyna öýkünip, ulanyjy bilen söhbetdeşligi saklamaga ukyplydyr. OpenAI 2022-nji ýylda ulanyjylar bilen gepleşik režiminde aragatnaşyk saklaýan ChatGPT hyzmatyny hödürledi. Çat-bot anyklaşdyryjy soraglara jogap berip, öz ýalňyşlaryny boýun alyp, ýerliksiz soraglary ret edip biler. Hyzmatyň mümkinçilikleri giň köpçüligiň ünsüni özüne çekdi. Şondan soň beýleki tehnologiýa kompaniýalary hem şuňa meňzeş programmalary işläp düzmäge başlady.