Stokgolmda Nobel dabarasynyň hepdeligi başlandy. Bu barada TASS habar berýär. Däp bolşy ýaly, ol baýragyň laureatlarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň Gadymy şäherdäki Nobel muzeýine baryp görmegi bilen başlandy. Bu ýerde baýragyň eýeleri haýsydyr bir şahsy predmeti kolleksiýa berýärler we bistrodaky oturgyçda öz gollaryny goýýarlar. Häzirlikçe Stokgolma şu ýylyň 10 laureatyndan 9-ysy geldi, edebiýat ugrundan baýragyň eýesi Ýun Fosse anna güni geler. Nobel hepdeliginiň dowamynda myhmanlar üçin köp sanly çäreler, şol sanda metbugat maslahatlary we olaryň gatnaşmagynda leksiýalar garaşýar. Olar mekdeplere baryp görerler we Nobel Week Lights festiwalyna gatnaşarlar. 8-nji dekabrda Nobel konserti, 9-njy dekabrda “Nobel hepdeliginiň dialogy” atly ylmy maslahat geçiriler. 10-njy dekabrda bolsa paýtagt filarmoniýasynda Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy bolar. Stokgolma gelen laureatlaryň her biriniň öz resmi wekiliýetine 14-e çenli adamy goşmaga hukugy bar. Baýragyň eýeleriniň we olaryň ýanýoldaşlarynyň ýol we ýaşaýyş çykdajylaryny Nobel gaznasy öz üstüne alýar, galan myhmanlaryň çykdajylaryny laureatlar töleýär. Hormatly myhmanlar şäheriň merkezinde, şa köşgüniň garşysyndaky “Grand-otelde” ýaşaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir