Dünýäde sürüjisiz uçuş enjamlaryny iň uly öndürijileriň biri bolan Baykar türk kompaniýasy 2025-nji ýylda öz hemrasyny kosmosa uçurmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Akşam” gazeti bilen söhbetdeşlikde kompaniýanyň müdirler geňeşiniň başlygy Seljuk Baýraktar habar berdi diýip, gazeta.ru belleýär. Onuň aýtmagyna görä, kosmos taslamasynyň üstündäki işler eýýäm bir ýarym ýyl bäri dowam edýär, Baykar geljegi öňünden görýär we bu geljek üçin ýaryşa şu gün taýýarlanýar. Baýraktar häzir kompaniýanyň kosmos tehnologiýalary pudagynda pes orbita uçurylýan hemralaryň we orbital transport serişdeleriniň üstünde işleýändigini belledi. Munuň global nawigasiýa ulgamlary we ýörite aragatnaşyk programmalary üçin innowasiýalary işläp taýýarlamakda goldawy üpjün etjek hemra bolmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir