Hawýer Tebas Ispaniýanyň futbol ligasy «La Liga-nyň» prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy. Tebasyň ygtyýarlyk möhleti 26-njy dekabrda tamamlanmalydyr. Hünärmen La Liganyň ýolbaşçysy wezipesinden çekilmegi bilen, 2024-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen saýlawlary çaltlaşdyrdy. Tebas bu wezipä ýeke-täk dalaşgär bolup, resmi taýdan wagtlaýyn prezident hökmünde saýlandy. Ol wezipesine resmi taýdan 14-nji dekabrda girişer. Hünärmen 2013-nji ýyldan bäri La Liga ýolbaşçylyk edip gelýär. Bu onuň prezident hökmünde dördünji möhleti bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir