2024-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatynda eminlere el bilen oýnalandygyny kesgitlemäge kömek etjek pökgi peýdalanylar. Pökgülerde aýaklary we elleri yzarlamak tehnologiýasy bilen birlikde, hakyky wagt birliginde futbolçynyň bedeniniň üç ölçegli keşbini döredip biljek ýörite mikroçip oturdylar. Alnan şekil eminleriň wideo kömekçi ulgamyna (VAR) pökginiň nirä degendigini anyklamaga mümkinçilik berer. 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda ýarym awtomatiki usulda ofsaýdy kesgitlemek ulgamy üçin niýetlenen ýörite pökgi peýdalanyldy. Onuň içinde wideooperasion otagyna sekuntda 500 gezek maglumat iberýän ýörite datçik ýerleşdirildi, bu bolsa urgy nokadyny takyk kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda bu ulgam Ýewropa kubogynyň oýunlarynda ulanylýar. Futbol boýunça Ýewropa çempionaty 2024-nji ýylyň 14-nji iýunyndan 14-nji iýuly aralygynda Germaniýada geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir