«Nissan Leaf» elektrik awtoulaglarynyň täze nesli 2021-nji ýylda hödürlenen sport aýratynlyklary we beýik korpusy bolan «Chill-Out» kross-kupesine meňzediler. Häzirki wagtda bu model hetçbek görnüşinde öndürilýär. «Chill-Out» konsepti «CMF-EV» platformasynda gurlup, «e-4orce» gurnamasy bilen dolandyrylýar. Mundan başga-da, awtoulag awtopilot bilen enjamlaşdyrylandyr. Täze «Leaf» ulagynyň hem bu aýratynlyklar bilen üpjün edilmegi mümkindir. Üçünji nesil «Nissan Leaf» modeliniň tanyşdyrylyş dabarasy indiki ýyl bolar we awtoulag 2025-nji ýylda satuwa çykarylar. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda «Nissan Leaf» ulagynyň her ýylda 10 müň töweregi nusgasy satylýardy. Emma şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda onuň satuwy 35%-e golaý pese gaçdy. Model öndürilip başlanany bäri satuw nukdaýnazaryndan, 2023-nji ýyl iň ýaramaz ýyllaryň biri bolup biler: häzirki wagtda diňe 5,8 müň nusga «Leaf» satyldy.