Amerikaly aktýor Nikolas Keýj aktýorçylyk karýerasyny tamamlamak hakynda pikirlenýär. Ol bu barada «Vanity Fair» bilen söhbetdeşlikde belläp geçdi. Ýakyn wagtda 60 ýaşyny doldurjak aktýor ýene üç ýa-da dört filmde baş keşbi janlandyryp biljekdigini aýtdy. «Men özüni kino sungatynda näme diýmelidigimi aýdan ýaly duýýaryn. Kinematografiýada elimden geldigiçe uzak ýol geçdim diýip pikir edýärin» diýip, Keýj belledi. Şeýle hem ol karýerasy bilen «iň belent nokatda» hoşlaşmak isleýändigini aýtdy. Aktýor karýerasyny tamamlandan soň ähli ýyllaryny maşgalasyna bagyşlamak isleýändigini aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir