Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk Geňeşiniň egindeş başlygy Jewdet Ýilmaz iş sapary bilen Türkmenistana geler diýip, Halkara maglumat merkezi habar berdi. Saparyň çäginde J.Ýilmaz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşar. Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde öz ýurdunyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasyna hem gatnaşar. Habar berlişi ýaly, sergä Türkiýeden 100 töweregi kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olaryň hatarynda senagat kärhanalary gurluşyk, oba hojalygy, dürli görnüşli durmuş enjamlary, ýuwujy serişdeler, sarp ediş harytlary, şeýle hem bank pudagy, saglygy goraýyş, bilim we ş.m. üçin tehnologiýa enjamlaryny öndürmekde öz mümkinçiliklerini görkezerler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir