Braziliýada dünýäde neýroulgam tarapyndan düzülen ilkinji kanun güýje girdi diýip, «The Sun» gazetine salgylanýan «Tengrinews.kz» habar berýär. Portu-Alegri şäheriniň geňeşiniň agzasy Ramiro Rosario raýatlary suw üçin has ýokary töleglerden goramaga mümkinçilik berjek iki maddadan ybarat kanuny taýýarlady. Kanun ähli düzedişler girizilenden we ara alnyp maslahatlaşylandan soňra ses berlişik arkaly kabul edildi we şäheriň häkimi tarapyndan tassyklandy. Diňe şondan soň Rosario kanunyň ChatGP neýroulgamy tarapyndan işlenip düzülendigini boýun aldy. Ol şeýle-de kanun taslamasyny taýýarlamak üçin birnäçe minudyň ýeterlik bolandygyny gürrüň berdi, kärdeşleriniň nägileligine bolsa, emeli aňyň kömeginden peýdalanmagy gadagan edýän hiç hili kanunyň ýokdugyny tutaryk edindi. Rosario emeli aňa kanun taslamasynyň maksadyny salgy berendigini, neýroulgamyň sähel wagtda garaşylanyndan hem gowy kanun taslamasyny işläp düzendigini sözüniň üstüne goşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir