ÝUNESKO guramasy täjik dokmaçylarynyň sungatyny bütindünýä maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizdi, bu barada halkara guramanyň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdiler diýip, «MIR 24» ýazýar. Habarda täjik dokmaçylarynyň atlaz we adras taýýarlamak bilen bagly däp bolup gelýän sungatynyň sanawa girizilendigi aýdylýar. Hut şu matalar bütin dünýäde uly islegden peýdalanýar, olaryň köpsanly tapgyrdan durýan önümçiligi bolsa, aýratyn çemeleşmäni talap edýär. Öz syryny täjik dokmaçylary nesilden-nesle geçirip gelýärler. Ussalar üç-bäş aýyň dowamynda bu sungaty öwrenýärler. Her ýyl Täjigistanda ýurduň iň ussat dokmaçylarynyň taýýarlan önümleriniň ýörite festiwaly geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir