Aşgabatda ýerleşýän «ITEA» Halkara IT-akademiýasy ähli isleg bildirýänleri dizaýn boýunça geçirilýän tölegsiz ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrýar. Dizaýn — bu diňe bir owadan surat bolman, eýsem birnäçe tapgyrlary hem-de çözgütleri öz içine alýan özboluşly işdir. Reňkler, şekiller, çyzgylar hem-de kompozisiýalar ýaly wizual elementler çylşyrymly konsepsiýalary berip biler we derrew käbir baglanyşyklary emele getirip biler. Bular gymmatlygyny we häsiýetini görkezip, brendiň özboluşlylygyny döretmek üçin ulanylyp bilner. Dizaýn boýunça ussatlyk sapagyna gatnaşyjylar dizaýnyň esaslary bilen tanşarlar, kompozisiýalary döretmegiň ýörelgelerini öwrenerler, reňk gammasynyň maglumat kabul edişe ýetirýän täsirine düşünerler hem-de dizaýnyň dürli ugurlarda üstünlikli ulanylyşy bilen bagly mysallary görerler. Ussat sapagynyň spikeri 10 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan, tejribeli dizaýner Gurban Akmämmedow bolar. Ol «Caspy Creative-da» art-direktor bolup işledi, grafiki dizaýnerleriň birnäçe neslini ýetişdirdi, häzirki wagtda bolsa önümleriň suraty we wideoşekilleri surata düşürmek boýunça öňdebaryjy hünärmen hasap edilýär. Bu çäre 2023-nji ýylyň 8-nji dekabrynda sagat 18:30-da şu salgyda geçiriler: «Berkarar» işewürlik merkezi, 1-nji gat, A7 ofisi, «Iş Nokady» merkeziniň ofisi. Ussatlyk sapagyna şu salgylanmadan ýazylyp bilersiňiz. Ýerleriň sany çäklidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir