Sadaka çäresini guramak we geçirmek aýratyn ünsi talap edýär, şeýle hem amatly ýeri saýlamagy ýa-da çadyrlary kärendesine almagy, menýuny kesgitlemegi, myhmanlary ýerleşdirmegi hem-de olara gyssagly we ýokary derejede hyzmat etmegi öz içine alýar. Aşgabatdaky «Ak Ýol» dabaralar zaly bu wezipeleriň hemmesiniň üstünlik bilen hötdesinden gelýär. Bu ýerde göçme sadakalar üçin rahat we ýaramaz howadan goragly giňişligi döretmek üçin çadyr ulgamlary peýdalanylýar. Şunuň bilen birlikde, «Ak Ýol» dürli ululykdaky we şekildäki çadyrlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. Müşderileriň isleglerine laýyklykda, çadyrlar kondisioner, halylar, stollar, oturgyçlar, sowadyjy maşyn we beýlekiler bilen üpjün edilip bilner. Kärende bahasy çadyr ulgamlaryny eltmek, gurnamak we sökmek hyzmatlaryny hem öz içine alýar. Çadyrlary kärendesine bermekden başga-da, «Ak Ýol» göçme sadakalary guramak boýunça hyzmatlarynyň toplumyny hödürleýär. Hyzmat däp bolan milli menýuny, şeýle hem gap-gaçlary, ofisiant hyzmatlaryny we beýlekileri öz içine alýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir