Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň metbugat beýanatynda habar berildi. Degişli karar Botswananyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi. ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisiniň işi 9-njy dekabra çenli dowam eder. Ozal habar berşimiz ýaly, onuň dowamynda jemi 55 hödürnama serediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir