«EastFruit» halkara maglumat-seljeriş portalynyň analitikleriniň pikiriçe, häzirki wagtda dünýäniň iň uly gaz gorlaryndan birine eýe bolan Türkmenistanyň ýyladyşhana işine maýa goýumlarynda görnetin ösüş duýulýar. Bu barada portalyň web sahypasynda habar berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ýurtda ýyladyşhana işi bilen meşgullanýanlar örän arzan bahadan gaz satyn almaga mümkinçilik alýarlar, munuň özi bolsa olara gyşda ýyladyşhana gök önümlerini bäsdeşlik esasynda ösdürip ýetişdirmäge şert döredýär diýip, çeşme belleýär. Hususan-da, Türkmenistan ýyladyşhana pomidor bazarynda bäsdeşleriniň köpüsini ep-esli derejede yzda galdyrdy. Analitikleriň çaklamalary boýunça häzirki wagtda Türkmenistandan pomidor eksportynyň mukdary has ýokarlanýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistandaky ýyladyşhanalaryň meýdany iki esse artyp, 1400-1500 gektara ýetip biler. «2022-nji ýylda Türkmenistan ilkinji gezek BAE we Saud Arabystanyna ep-esli mukdarda pomidor eksport edip başlady. Harytlary diwersifikasiýa etmek üçin hut şu eksport ugry ileri tutulmalydyr, ýöne bu bazarlarda önümleriň hiline, howpsuzlygyna we gaplanyşyna ýokary talaplar bar» diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasynyň maýa goýum bölüminiň ykdysatçysy Andriý Ýarmak aýdýar. Şeýle hem hünärmen Türkmenistan ýakyn geljekde iň uly artykmaçlyga garaşylýan gyş pomidorlaryny Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna ibermek mümkinçiligini öwrenmegi maslahat berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir