Göterilýän elektron enjamlaryň dünýä söwdasy 2023-nji ýylyň üçünji çärýeginde 2,6 göterim artyp, 148,4 million birlige deň boldy. Bu barada «International Data Corporation (IDC)» seljeriş kompaniýasynyň hasabatynda habar berilýär diýip, «Interfax.ru» ýazýar. Ösüşe has az tanalýan brendleriň önümleriniň satuwlarynyň ýokarlanmagy we harytlaryň täze görnüşleriniň satuwa çykmagy täsir etdi. Ählumumy bazarda öňdäki bäşlik üýtgewsizligine galýar, olar: Apple Inc., Samsung, Xiaomi, Huawei we Imagine Marketing kompaniýalarydyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir