Gazak ýük daşaýjylary päsgelçiliksiz üstaşyr geçmek üçin Türkmenistan we Eýran arkaly Ýewropa çykýarlar. Bu barada 5-nji dekabrda Gazagystanyň ulag ministriniň orunbasary Sathan Ablaliýew hökümet ýygnagynda habar berdi. Sathan Ablaliýewiň pikiriçe, soňky ýyllarda Ýewropa ýurtlaryna iberilýän ýükler babatda ulag ulgamynda oňyn ösüş depgini ýokarlandy. Mysal üçin, 2022-nji ýylda gazak ýük daşaýjylarynyň bu bazardaky paýy 13% ýokarlandy we 48% deň boldy. «Içerki ýük daşaýjylar arkaly günorta ugurdan Ýewropa haryt ibermek maksady bilen, erkin gatnawy üpjün etmek üçin Türkmenistan we Eýran bilen gepleşikler geçirdik» diýip, S.Ablaliýew aýtdy. Bu barada «News Central Asia» ýazýar. Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatda Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak bilelikdäki iş toparynyň birinji duşuşygy geçirildi. Türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ulag arabaglanyşygy boýunça Ähtnama gol çekildi. Duşuşykda gara ýol, demir ýol we deňiz ulaglary babatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak we logistika guramalaryna goldaw meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag arabaglanyşygy boýunça Ähtnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şeýle hem ulag ulgamynyň degişli döwlet edaralarynyň ygtyýarly wekilleriniň arasynda hemişelik iş toparyny döretmek kararyna gelindi. Bu duşuşyk Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekilmegi bilen tamamlandy. Mundan başga-da, taraplar degişli dialogy dowam etdirmek üçin 2024-nji ýylda Halkara ýol ulaglary boýunça türkmen-gazak toparynyň indiki mejlisini geçirmek barada ylalaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir