Aşgabatda, Arkadag şäherlerinde we Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýyl baýramçylygyna bagyşlanan baýramçylyk söwdasy ýola goýuldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryşy ýaly, bu söwdalar baýramçyyk günlerinde azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanynyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde belleýşi ýaly, olarda raýatlarymyzyň baýramçylyk saçaklaryny naz-nygmatlar bilen bezemegi üçin dürli görnüşli harytlar bolmalydyr. «Baýramçylyklarda dürli tagamlardan doly naz-nygmatly desterhan açmak halkymyzyň asylly däplerinden biridir. Baýram günlerinde her bir türkmen maşgalasy milli tagamlary taýýarlaýar we baýramy bilelikde dabaraly bellemek üçin gadyrly myhmanlary kabul edýär» diýlip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde bellenilýär. Täze ýyl we Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda tutuş ýurt boýunça göçme söwda nokatlarynyň işe başlandygyny bellemelidiris. Olar merkezi bazarlaryň golaýynda we ýaşaýyş toplumlarynyň ýakynynda ýerleşýärler. Söwda tekjelerinde ýarmalar we un önümleri, süýji-köke, konditer önümleri we gazlandyrylan içgiler, sowgat toplumlary, möwsümleýin miweler we gök önümler bar. Mundan başga-da, bu ýerde emeli arça agaçlaryny, arça bezeglerini, ýadygärlik sowgatlaryny, oýunjaklary we senenamalary satyn alyp bolýar. Şeýle-de iri söwda merkezlerinde we paýtagtyň bazarlarynda halka hödürlenilýän azyk önümleriniň hatarynda et we balyk önümleri, peýnir, kolbasa, konserwirlenen önümler hem bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir