Şu gün Türkmenistanyň futbol çempionatynda 24-nji we 27-nji tapgyrlaryň çägindäki üç duşuşyk geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berdi. Has takygy, şu gün 24-nji tapgyryň çäginde «Energetik» ― «Şagadam» we «Altyn asyr» ― «Nebitçi», 27-nji tapgyryň çäginde bolsa «Aşgabat» ― «Arkadag» duşuşyklary geçiriler. TFF geçiriljek duşuşyklar, olaryň başlanjak wagty we ýeri hem-de eminleri barada aşakdaky maglumatlary berýär: 24-nji tapgyryň duşuşyklary: 07.12.2023 ý. (penşenbe) “Energetik” – “Şagadam” Geçirilýän ýeri: «Energetik» stadiony (Mary ş.) Başlanýan wagty: 15:00 Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.) Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.) Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.) “Altyn Asyr” – “Nebitçi” Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.) Başlanýan wagty: 14:00 Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.) Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.) Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.) 27-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy: “Aşgabat” – “Arkadag” Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.) Başlanýan wagty: 15:00 Duşuşygyň emini: N.Garajaýew (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), M.Gulmuhamedi (Aşgabat ş.) Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.) Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir