Karluş Keýruş futbol boýunça Kataryň milli ýygyndysynyň baş tälimçiliginden gitdi. Bu barada Kataryň Futbol assosiasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. Portugaliýaly hünärmen 2023-nji ýylyň fewralyndan bäri Kataryň ýygyndysyna tälim berýärdi. Onuň şertnamasy bolsa 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatyna çenli niýetlenipdi. «KFA Keýruşa ýygyndynyň bäş tälimçisi bolup işlän döwründe eden yhlasy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär. Oňa geljekki karýerasynda üstünlik arzuw edýäris» diýlip, habarda bellenilýär. Kataryň ýygyndysyny täze baş tälimçisi ispaniýaly Bartolome Markes Lopes bolar. Ol şol bir wagtyň özünde ýurduň «Al-Wakda» toparyna hem tälim berýär. Kataryň ýygyndysy noýabr aýynda geçirilen dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda iki duşuşykda meýdança çykyp, Owganystany 8:1, Hindistany bolsa 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýeri gelende bellesek, Katar 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň ýer eýesi hasaplanýar. Şeýle-de, Katar Aziýanyň häzirki çempionydyr. Bu ýurduň futbolçylary 2019-njy ýylda BAE-de geçirilen yklym birinjiliginde altyn medala mynasyp bolmagy başarypdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir