«Alem Sport enjamlar & aksessuarlar» dükany täze ýylyň öňüsyrasynda öňdebaryjy sport brendleriniň enjamlaryna, aksessuarlaryna hem-de geýimlerine arzanladyş yglan etdi. 31-nji dekabra çenli bu ýerden söwda etmek isleýänlere 24% arzan bahaly harytlar garaşýar. Ýeri gelende bellesek, «Alem Sport enjamlar & aksessuarlar» dükanynyň haryt görnüşleri sportuň dürli ugurlaryna degişli ýüzlerçe harydy özünde jemleýär. Bu ýerden türgene niýetläp, onuň ýaşyny, jynsyny hem-de meşgullanýan sport görnüşini göz öňünde tutup, dürli görnüşli harydy sowgat üçin almak bolýar. Mysal üçin, dükandan söweş sungaty ýa-da suwda ýüzmek üçin enjamlary, şeýle-de tennis, hokkeý, ýeňil atletika, futbol, basketbol we beýleki sport görnüşleri üçin niýetlenen aksessuarlary we egin-eşikleri tapmak bolýar. Şeýle-de dükanyň geňeşçi-satyjylary sowgat bermek üçin laýyk boljak harytlary görkezerler: suw gutulary, ýygnalýan ylgaw ýodajyklary, öý üçin 3/1 diwarlyk trenažýorlar, samokatlar, welosipedler, toplar, rýukzaklar we başga harytlar. «Sport üçin niýetlenen sowgat — ýakynyňyzyň saglygy we bedeni barada alada edýändigiňizi görkezýän ajaýyp mümkinçilikdir» — diýip, «Alem Sport enjamlar & aksessuarlar» dükanynyň hünärmenleri belleýärler. «Alem Sport enjamlar & aksessuarlar» dükanynyň salgysy: Aşgabat ş., «Berkarar» SDAM, 1-nji gat, B6B dükany. Telefon belgileri: (+993 62) 00 22 44, (+993 64) 34 57 57, (+993 12) 46 88 83. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir