Rostowyň eteginde iki balykçy ýitenden soňra olaryň gaýygynyň ýanynda ýanýan şar göründi. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar. Waka 1-nji dekabrda boldy, iki sany balykçy «Don -1» howdanyna balyk tutmaga gitdiler, emma öýlerine dolanmadylar. Balykçylaryň biri aýalyna jaň edip, öýe dolanýandyklaryny habar beripdir, emma yzýanyndan onuň bilen aragatnaşyk kesilipdir. Dogan-garyndaşlary olaryň gözlegine çykypdyrlar, emma olar suwda agan gaýygy, kürekleridir balykçylaryň adiklerini tapypdyrlar. Goňşy bazada oturdylan kameralardan alnan wideoýazgylarda erkek kişiniň iň soňky jaňyndan 14 minut soňra gaýygyň ýanynda şöhle saçýan näbelli obýekti görüpdirler, şol wagt gaýykda balykçylar ýok eken. Dogan-garyndaşlarynyň sözlerine görä, balykçylar 25 ýyl bäri bile balyk awlaýan eken. Gözleg toparlary howdanyň düýbüni barlapdyrlar, emma olar hiç ýerden balykçylary tapmandyrlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir