Zibil ýygnamak boýunça ilkinji halkara çempionaty Ýaponiýada geçirildi. Oňa 20-den gowrak ýurtdan toparlar gatnaşdylar diýip, «Habar 24» ýazýar. Adaty bolmadyk ýaryşlaryň maksady adamlary daşky gurşawa aýawly çemeleşmäge höweslendirmekdir. Ýaponiýadaky ilkinji halkara zibil toplamak çempionatyna gatnaşyjylar aýna önümleridir plastiki çüýşeleri tiz ýygnamakda bäsleşdiler. Ýaryşda birinji orny britanlar eýeledi, olar 57 kilogramdan gowrak zibil topladylar. Ýaponiýanyň topary ikinji orny eýeledi. Ýaryşyň netijesi boýunça 550 kilogram zibil toplandy. Şeýle ýaryşlar Ýaponiýada 2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär, soňky ýyllarda ol has-da meşhurlyk gazandy. Diňe tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda ýapon adalarynda şeýle çäreleriň 230-a golaýy geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir