Russiýada 2024-nji ýylda ýeňil awtoulaglaryň önümçiligi 42 göterim ýokarlanar, bu barada ýurduň awtoulag öndürijileriniň bileleşigine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. «Russiýada 2024-nji ýylda ýeňil awtoulaglaryň önümçiligi 42 göterim artar we 660 müň birlige deň bolar. Täze ulaglaryň satuwlary 10 göterim artyp, 1,1 million birlige ýeter» diýlip, habarda aýdylýar. 2023-nji ýylyň geçen on bir aýynda russiýalylar täze awtoulaglaryň 939,3 müňüsini satyn alypdyrlar, bu 2022-nji ýylyň degişli döwründäkiden 64,9 göterim köpdür. Ýurduň Senagat we söwda ministrligi 2030-njy ýyla çenli Russiýada ýylda 1,8 million awtoulag öndürjekdigini habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir