Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýilmaz Aşgabatda geçirilen 10-njy Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasynda türk potratçylarynyň Türkmenistanda 51 milliard dollarlyk 1080 taslamany durmuşa geçirendigini mälim etdi. Şeýle hem, soňky döwürde Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn söwdanyň ep-esli ýokarlanandygyny belläp, J.Ýilmaz Türkiýäniň Türkmenistana eksport etmek boýunça ikinji orunda, import etmekde bolsa birinji orunda durýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Wise-prezidentiň aýtmagyna görä, geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2 milliard amerikan dollaryndan geçdi. «Biz 5 milliard dollarlyk söwda mukdaryna mümkin boldugyça çalt ýetmäge çalyşýarys» diýip, «nCa» internet portaly wise-prezidentiň sözlerine salgylanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir