Aşgabatdaky «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň meýdançasynda dikiljek Türkmenistanyň Baş arçasynyň beýikligi 43 metr bolar. Bu barada «Turkmenportala» Aşgabat şäheriniň häkimligi habar berdi. Geçen ýylyň başynda Türkmenistan Baş arçasynyň beýikligi boýunça GDA ýurtlarynda öňdeligi eýeläpdi. Häzirki wagtda Aşgabat baýramçylyk bezegleri bilen bezelýär, şeýle hem janly arçalar bezelip başlady. Adatça bolşy ýaly, Täze ýyl arçalaryndan we yşyklaryndan başga-da, şäherde ýetip gelýän Täze ýyla bagyşlanan dürli sungat eserleri gurlar. Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatda, Arkadag şäherlerinde we Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýyl baýramçylygyna bagyşlanan baýramçylyk söwdasy ýola goýuldy. Täze ýyl we Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda tutuş ýurt boýunça göçme söwda nokatlarynyň işe başlandygyny bellemelidiris. Olar merkezi bazarlaryň golaýynda we ýaşaýyş toplumlarynyň ýakynynda ýerleşýärler. Söwda tekjelerinde ýarmalar we un önümleri, süýji-köke, konditer önümleri we gazlandyrylan içgiler, sowgat toplumlary, möwsümleýin miweler we gök önümler bar. Mundan başga-da, bu ýerde emeli arça agaçlaryny, arça bezeglerini, ýadygärlik sowgatlaryny, oýunjaklary we senenamalary satyn alyp bolýar. Şeýle-de iri söwda merkezlerinde we paýtagtyň bazarlarynda halka hödürlenilýän azyk önümleriniň hatarynda et we balyk önümleri, peýnir, kolbasa, konserwirlenen önümler hem bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir