Çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisinde türk bazaryna türkmen tebigy gazynyň iberilmeginiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, mejlisde Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe meselelere seredildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan Türkiýä Eýranyň çägi arkaly gaz ibermek taslamasynyň ähmiýeti nygtaldy. «Iň möhüm bölegi Galkynyş gaz käni bolan türkmen döwletiniň tebigy baýlyk gory gyzyklanýan ýurtlary we sebitleri energiýa çeşmeleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Munuň bilen birlikde, soňky ýyllarda türkmen tarapynyň döreden gaz ulag infrastrukturasy Türkmenistana tebigy gazyny köp mukdarda günbatara eksport etmek üçin giňden şert döredýär» diýip, çeşme belleýär. Taraplar ýakyn wagtda degişli edaralaryň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary derejesinde Türkiýäni gaz bilen üpjün etmek meselesi boýunça gepleşiklere başlamak hakynda ylalaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir