«Google» kompaniýasynyň eýesi «Alphabet» emeli aňyň täze nusgasy bilen tanyşdyrdy diýip, «Habar 24» ýazýar. Döredijiler oňa has kämilleşdirilen nusga diýip baha berdiler. EA (emeli aň) habaryň birnäçe görnüşini gaýtadan işlemäge ukyplydyr, olaryň hatarynda wideo, audio we ýazgy (tekst) bar. Kompaniýada şeýle-de emeli aňyň has çylşyrymly pikirlenmäge we habary oňat özleşdirmäge ukyplydygyny belleýärler. Sundar Piçai, «Alphabet» kompaniýasynyň baş direktory şeýle diýýär: - Biz 7 ýyl bäri emeli aňy ösdürmegiň üstünde iş alyp barýarys. Biz häzir öwrülişik döwrüni başdan geçirýäris. Biziň neýroulgamy her bir adam üçin has bähbitli etmäge mümkinçiligimiz bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir