2024-nji ýylyň 13 — 19-njy aprelinde Aşgabatda Demir Ýol Hyzmatdaşlygy Guramasynyň (DÝHG) Baş direktorlarynyň maslahatynyň XXXVIII mejlisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýtynda habar berildi. Guramanyň bu ýokary derejeli çäresi, Baş direktorlaryň maslahaty — 2023-nji ýylda ulag pudagynda bilelikdäki üstünliklere baha bermäge, geljege gönükdirilen görkezmeleri kesgitlemäge we halkara demir ýol jemgyýetçiliginiň özara gatnaşygy üçin täze höweslendiriş mümkinçiligini berer. Maslahatyň gün tertibinden üstaşyr gatnawlary artdyrmak, Halkara demir ýol ýük ulaglary baradaky ylalaşyklary gowulandyrmak we pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek ýaly meseleleri öz içine alar. Şeýle hem Aşgabat forumynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň guramanyň agzalygyna goşulmagynyň 30 ýyllygy hem belleniler. Ýeri gelende bellesek, 29 ýurdy öz içine alýan DÝHG-niň maksady, ilkinji nobatda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda halkara demir ýol gatnawlaryny ösdürmekden we bu pudakda hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir