«Türkmenistan» awiakompaniýasy 22-nji dekabrdan Aşgabatdan Bangkoga yzygiderli ýolagçy gatnawlarynyň ýola goýulýandygyny habar berdi. Uçuşlar her anna we şenbe günlerinde amala aşyrylar. Häzirki wagtda Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentligi Kazan — Aşgabat — Bangkok ugurlarynda uçuşlary birikdirmek üçin howa petekleri satyp başlady. Bir taraplaýyn uçuşyň bahasy 32,318 rus rublundan başlaýar. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň wekilleriniň «Turkmenportala» beren habaryna görä, ýakyn wagtda Türkmenistanda we «Turkmenistan airlines» saýtynda awiapetekleriň satuwy başlar. Taýlanddan Türkmenistana uçuşlar üçin petekler Pattaýa we Bangkok şäherlerindäki türkmen howa gatnawçysynyň wekilhanalarynda hem elýeterli bolar. Awiakompaniýanyň daşary ýurtdaky ofisleriniň häzirki salgylary şu baglanyşykda görkezilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir