«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň müdirlikleriniň zähmet toparlary uglewodorod çig malyna baý ýataklary senagat taýdan özleşdirmekde göreldeli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler. Şunda Uzynada ýatagynda bitirilýän işler has-da döwrebaplygy bilen tapawutlanýar diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, ýakynda bu ýerde burawlanýan 74-nji, 76-njy we 83-nji belgili ulanyş maksatly guýularda gazuw işleri üstünlikli tamamlanyp, olardan ýangyç çig malynyň bol akymlary alyndy. «Körpeje» we «Goturdepe» buraw işleri müdirlikleriniň hünärmenleriniň gazuw işlerini tamamlan bu guýulary konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirligine tabşyryldy. Häzirki wagtda bu täze guýulardan her gije-gündizde 60 müň kub metrden gowrak mawy ýangyç we 60 — 70 tonna barabar gaz kondensaty alynýar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir