Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlary 2024-nji ýylyň 17-nji martynda geçer. Bu barada degişli kanun ýurduň Federasiýa Geňeşiniň plenar ýygnagynda kabul edildi, ol resmi çap edilen gününden başlap güýje girýär. Bu barada «MIR 24» ýazýar. Karar biragyzdan kabul edildi, onuň üçin senatorlaryň 162-si ses berdi. Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň aýtmagyna görä, Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň güni boýunça kabul edilen çözgüt saýlawdan öňki tutuma badalga berýär. Russiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa ýygnakda eden çykyşynda golaý wagtda MSK tarapyndan saýlawlarda ses berlişigi üç günüň dowamynda – 2024-nji ýylyň 15-17-nji martynda geçirmek barada kararyň kabul ediljekdigini habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir