Türkmenistanda 1. Şu gün Aşgabatda «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň iki günlük ýörite maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlykda gurnalan bu forum halkara derejeli hünärmenleriň, BMG-niň hyzmatdaş agentlikleriniň bilermenleriniň we daşary ýurtlaryň lukmançylyk hem-de sanitariýa edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda utgaşykly görnüşde geçirilýär. 2. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisiniň dowamynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Hususan-da, Türkiýä türkmen tebigy gazynyň iberilmeginiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan Eýranyň üsti bilen Türkiýä gaz ibermek taslamasynyň ähmiýeti nygtaldy. Taraplar bu taslamanyň mümkinçilikleriniň uludygyny nygtap, ýakyn wagtda degişli edaralaryň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary derejesinde gepleşiklere başlamak hakynda ylalaşdylar. 3. Türkmen paýtagtynda ýerleşýän «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň meýdançasynda dikiljek Türkmenistanyň Baş arçasynyň beýikligi 43 metr bolar. Geçen ýyl Türkmenistanda dikilen şeýle beýiklikdäki arça GDA ýurtlarynda iň beýik arça bolupdy. Häzirki wagtda Aşgabatda Täze ýyl oýunjaklary we çyralary bilen janly arçalar bezelip başlandy, olar türkmen paýtagtyny hakyky gyşky jadyly şähere öwrerler. Adatça bolşy ýaly, Täze ýyl arçalaryndan we yşyklaryndan başga-da, şäherde ýetip gelýän Täze ýyla bagyşlanan dürli sungat eserleri gurlar. 4. Türkmenistanyň Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk internet portaly bolan e.gov.tm portalynda häzirki wagta çenli ulanyjylaryň 40 müňe golaýy hasaba alyndy. Portalda Türkmenistanyň raýatlary üçin ýaşaýyş-durmuş hyzmatlary üçin tölegleri tölemek, döwlet edaralaryna ýüztutmalary ibermek we kepilnamalary almak, jemgyýetçilik ulaglaryna petekleri satyn almak, elektron kitaphana, bilim portaly, lukmanyň kabulyna onlaýn ýazylmak we beýleki hyzmatlar elýeterlidir. Şeýle hem bu saýtda gije-gündiziň dowamynda Türkmenistan şäherlerindäki howanyň ýagdaýy — howanyň temperaturasy, atmosfera basyşy, çyglylyk we ýeliň tizligi baradaky gündelik maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligi goşuldy. Dünýäde 5. Aşa köp mandarin iýmek saglyk bilen baglanyşykly köp sanly kynçylyklaryň dňremegine sebäp bolup biler diýip, bilermenler belleýärler. Iň ýaýran köp netijelere şular girýär: diş syrçasynyň zeperlenmegi we dişiň çüýräp başlamagy, diş etiniň çişmegi, gastrit, pankreatit, aşgazanda ýaranyň emele gelmegi, allergiki täsirler. Mundan başga-da, mandarinleri düzüminde krahmal bolan iýmitler bilen garmaly däl. Mandarinleri kabul etmegiň howpsuz mukdary hepdede ýedi-on sanysy, ýagny günde bir ýa-da iki sanysydyr. 6. «Pantone» reňk instituty 2024-nji ýylyň esasy reňki hökmünde şetdaly reňkini saýlady. Bu reňk «Peach Fuzz» diýlip atlandyrylyp, terjime edilende şetdaly tüýjagazy diýmegi aňladýar. Bu reňk rahatlygy, ümsümligi we parahatçylygy aňladýar. «Pantone» institutyna görä, geçip barýan ýylyň reňki «Viva Magenta» – benewşe öwüşginli açyk gülgüne reňk bolupdy. Sport habarlary 7. «Altyn asyr» Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 24-nji tapgyrynda «Nebitçiden» ynamly üstün çykdy we yzly-yzyna ikinji ýyl ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Duşuşyk Aşgabatda geçirilip, 2:1 hasabynda tamamlandy. Bu ýeňşiň netijesinde, Ýazguly Hojageldiýewiň topary 47 utuk toplady we ýaryşyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda, yzyndaky toparlar üçin elýetmez boldy. Ondan öň «Arkadag» topary hem taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. Bu möwsümde ýaryşyň bürünç medallaryna «Nebiçti» we «Ahal» toparlary dalaşgärlik edýärler. 8. Türkiýäniň paýtagtynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dürli ýurtlaryň ilçihanalarynyň arasynda futbol ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy tarapyndan gurnalan futbol ýaryşyna Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň diplomatik wekilhanalarynyň toparlary, şeýle hem türkmen we daşary ýurt talyplary gatnaşdylar. Kiçi futbol boýunça dostluk ýaryşy diňe bir hakyky sport baýramçylygy bolman, eýsem, döwletara dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşanyna öwrüldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir