ABŞ-nyň Hökümetiniň goldawy bilen Türkmenistanda howa zyňylýan metan zyňyndylaryny çäklendirmek boýunça meýilnamany taýýarlamak üçin Türkmenistana nebit inženerleri iberildi. Bu barada «Bloomberg» habar berdi. Tehniki hünärmenler döwlet nebit we gaz kompaniýalarynyň işgärleri bilen metan zyňyndylarynyň bölünip çykýan çeşmelerini öwrenip, geljekde olaryň öňüni almak üçin mümkin bolan usullaryň üstünde gözleg işlerini alyp bararlar. Mundan ozal Türkmenistan we ABŞ maý aýynda bu ugurda iş toparyny döretmek we bilelikdäki maýa goýum meýilnamasyny düzmek barada ylalaşypdylar. Golaýda bolsa Türkmenistan ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen COP-28 forumynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynda ugurdaş nebit gazynyň gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak we tebigy gaz iberilende, onuň ýitgisini kemeltmek arkaly zyňyndylary azaltmak boýunça uly işler ýerine ýetirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir