Ýaponiýanyň ýaşaýjysy Kane Tanaki 2022-nji ýylyň 19-njy aprelinde aradan çykdy, ol 119 ýyl 107 gün ömür sürdi. Onuň uzak ömürliliginiň syryny uzak ýaşlylary hasaba alýan guramanyň Prezidenti Ýumi Ýamamoto paýlaşdy. Onuň aýtmagyna görä, Tanaki hanyma elmydama aramlyk mahsus bolupdyr. Hut şu häsiýet ýaponlaryň köpüsine mahsusdyr. Tanaki gazly suwy halapdyr, emma ony saglygyna zeper ýetirmezlik üçin çeni-çaky bilen içipdir. «Ýaponlar kadaly iýmitlenýärler, olar gereginden artyk iýip-içmeýärler» diýip, Ýumi Ýamamoto gürrüň berýär. Ýaponiýaly uzak ýaşlylar «hara hati bu» diýilýän iýmitleniş ulgamyndan peýdalanýarlar, ol doly däl-de, 80 göterim doýmagy aňladýar. Hünärmeniň sözlerine görä, ýaponlar köp hereket edýärler. Kane Tanaka 1903-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda doglupdyr, ol bütin ömrüne tüwi külçeleri bişirip satypdyr. Ömrüniň soňky 17 ýylyny garrylar öýünde geçiripdir. Ol ýerdekä stolda oýnalýan oýunlara güýmenipdir, kalligrafiýa bilen gyzyklanypdyr, tapmaçalary çözüpdir. 2020-nji ýylda Kane Tanaki Ýaponiýanyň bütin taryhynda iň uzak ýaşly zenan diýlip yglan edilipdir. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir