Redmi 1-nji dekabrda K70 smartfonlarynyň satuw netijelerini çap etdi. Görlüp oturylsa, bary-ýogy bäş minudyň içinde smartfonlaryň 600 müň sanysy satylypdyr. Bu ýöne bir köp däl, eýsem, juda köp zat: Redminiň özüniň sözlerine görä, K70 smartfonlarynyň satuwy K60 smartfonlarynyň satuwyndan iki esse ýokary boldy. Hytaýda täze Redmi smartfonlarynyň satuwy 1-nji dekabrda ýerli wagt bilen ir sagat 10-da başlandy. Ýatlatsak, bu hatara Redmi K70E, Redmi K70 we Redmi K70 Pro girýär. Redmi olar bilen birlikde Redmi Watch 4 akylly sagadyny we Redmi Buds 5 Pro simsiz gulaklyklaryny hödürledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir