Hyundai Motor topary 2010-njy ýyldan bäri her ýyl öz işgärleri üçin geçirýän nobatdaky «Pikirler festiwalynyň» netijelerini jemledi. Ýeňijileriň biri H-SOS atly howpsuzlyk ulgamyny işläp düzen topar boldy. Bu toplum awtoulagda oturanlara howp salýan jenaýaty ýa-da adatdan daşary ýagdaýy ýüze çykarmaga we hukuk goraýjy edaralara habar bermäge ukyplydyr. Düşündirişe seretseň, H-SOS aslynda mikrofonlaryň we ýörite programma üpjünçiliginiň toplumydyr. Ulgam adam gykylyklaryny ýa-da partlama seslerini «eşidip» biler, şondan soň çyralary we duýduryşy ýakyp, kameralar arkaly bolup geçýän zatlary ýazga geçirip başlar. Bu ýazgylar, şeýle-de ulagyň ýerleşýän ýeri awtomatiki usulda hukuk goraýjy edaralara iberiler. Mundan başga-da, agyr jenaýatlar ýa-da tebigy betbagtçylyklar ýüze çykan halatynda golaýda duran ulag eýelerine wakadan uzakda durmagy maslahat berýän gyssagly habarlar iberiler. Hyundai Group entek H-SOS-y seriýalaýyn çykarmagyň geljegi barada hiç zat aýtmaýar, ýöne şular ýaly çärelere ilkinji gezek hödürlenen köp pikirleriň amaly durmuşa geçirilendigini belleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir