«Apple M3 Pro» çipi bolan «MacBook Pro 14» «DxOMark» tarapyndan synagdan geçirilip, iň gowy ekrany we ses ulgamy bolan noutbuk hökmünde ykrar edildi. Synaglaryň dowamynda «DxOMark-yň» hünärmenleri noutbugyň ekranynyň, web-kamerasynyň we dinamikleriniň hilini barladylar. Şeýlelikde, «MacBook Pro 14» öz derejesinde iň gowy ekranlaryň biri bilen üpjün edilip, ol giň reňk öwüşginleri we ýokary ýagtylygy bolan HDR görnüşli wideony görkezmäge ukyplydyr. Mundan başga-da, ekranda ýagtylygy pes şöhlelendirip, okamak mümkinçiligini gowulandyrýar. Noutbugyň web-kamerasy gowy ýagtylandyrylan sahnalarda detallary aýdyň şekillendirýändigi we daşarky gohlaryň pes eşidilýändigi üçin ýokary bahala aldy. Wideo jaňlary wagtynda sesiň iki tarapdan hem ýokary hilli çykýandygy anyklandy. Noutbugyň dinamikleri giň ses ulgamyna we giňişlikde ýaňlanmak ukybyna eýedir. Şeýle-de bolsa, synag «MacBook Pro 14-iň» käbir kemçiliklerini ýüze çykardy. Çylşyrymly ssenariýalarda kameranyň reňkleri şöhlelendirişi tebigy däldi, mono režiminde ses ýazgysy sözleriň düşnükliligini peseldýärdi. Sesiň äheňini peseltmek hem sesiň hiline ýaramaz täsir edýär. Synagyň netijelerine görä, «M3 Pro» çipi bolan «MacBook Pro 14» 148 ball aldy we umumy sanawda birinji orny eýeledi. Bu öňki modelden 1 ball köpdür. Enjam wideo we ses üçin 154 ball, wideo jaňlary üçin bolsa 142 ball gazandy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir