«Toyota» korporasiýasy «Land Cruiser 70» kysymly ýolsuz ýer üçin niýetlenen awtoulagynyň (wnedorožnik) täzelenen nusgasyny tanyşdyrdy we modeli Ýaponiýanyň bazaryna gaýtaryp getirdi. 1984-nji ýyldan bäri öndürilip gelinýän bu awtoulag birnäçe täzeleniş bilen üpjün edildi. Hususan-da, oňa tegelek şekilli LED faralar oturdylyp başlandy we salonda media ulgamynyň ekrany ýerleşdirildi. Wnedorožnik kuwwaty 204 at güýjüne deň bolan 2,8 litrlik turbodizel we 6 basgançakly awtomatiki geçiriş gutusy bilen enjamlaşdyrylandyr. Tekeleriň ählisini herekete getirmek mümkinçiligi we elektron ulgamlaryň toplumy göz öňünde tutulandyr. Olaryň hatarynda stabilizasiýa ulgamy, boş aýlanma (probuksowka) garşy işjeň ulgam, diferensialyň elektron gulpy we depeden aşak düşmek üçin kömek funksiýasy bardyr. Kompaniýa içerki bazarda aýda 400 sany nusgawy awtoulag satmagy meýilleşdirýär, awtoulagyň bahasy 4,8 million ýenden (32600 dollardan gowrak ) başlaýar.