«Apple» tehniki kynçylyklar sebäpli hususy 5G modemini işläp düzmek pikirinden ýüz öwrüp biler. «Apple» kompaniýa 2019-njy ýylda «Intel-iň» modem işewürligini satyn aldy, ýöne hususy çipini bellenen möhletde çykaryp bilmedi. Bellenilmegine görä, «Apple-iň» modeminde aşa gyzmak we pes öndürijilik ýaly köp sanly tehniki kynçylyklar ýüze çykýar. Bu bolsa kompaniýany hususy modemi bilen üpjün edilen ilkinji smartfonynyň çykaryljak senesini 2023-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli ýa-da 2026-njy ýylyň başynda yza süýşürmäge mejbur etdi. Görnüşe görä, «Apple» «Qualcomm» bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer we bu kompaniýa bilen täze uzak möhletli şertnama baglaşar. Hususy 5G modemi bilen üpjün edilen ilkinji enjamyň ýakyn wagtda çykjak dördünji nesil «iPhone SE» bolmagyna garaşylýardy. Şeýle hem smartfonyň «iPhone 14-iň» stilindäki döwrebap dizaýna eýe boljakdygy we onda «Touch ID» ulgamynyň ornaşdyrylmajakdygy bellenilýär.