«Chevrolet» täzelenen «Tahoe» we «Suburban» kysymly ýolsuz ýerler üçin niýetlenen ulaglaryny (wnedoronik) tanyşdyrdy. Täze ulaglar Arlingtondaky (Tehas) «General Motors» zawodynda öndüriler. Olaryň satuwy 2024-nji ýylyň ahyrynda başlanar. Täzelenen ulaglaryň bahalary heniz yglan edilmedi. Täzelenen «Tahoe» we «Suburban» ulaglarynyň dizaýny. Şeýlelikde, awtoulaglar täze gündizki hereket yşyklary, başga görnüşli radiator gözenegi (gara reňkli), keşbi üýtgedilen bamperler, ýalpyldawuk reýka bilen birleşdirilen yzky çyralar bilen enjamlaşdyryldy. Awtoulaglar üçin 24 dýuýmlyk teker diskleri hödürlenýär. Tahoe» we «Suburban» ulaglarynyň salonlarynda sanly gurallar paneli we 17,7 dýuýmlyk sensorly merkezi displeý ornaşdyryldy. Adaty geçiriş gutusynyň ýerine awtoulaglaryň rul bölüminde ýörite joýstik oturdyldy. Şeýle hem ulaglarda awtomatiki gyssagly duruzyş (tormoz), frontal çaknyşma duýduryşy, öňki we yzky duralga ulgamlary, kör nokatlara gözegçilik mümkinçiligi we ulagy hereket zolagynda saklamak ulgamy göz öňünde tutulandyr. Üýtgeşmeler wnedorožnikleriň tehniki tarapyna-da täsir etdi. Döwrebaplaşdyrylandan soň 3 litrlik dizel hereketlendirijisiniň kuwwaty 309 at güýjüne çenli ýokarlandy. Geçiriş gutusy – on basgançakly «awtomat». Öňkülerdäki ýaly, motor ulgamy 5,3 we 6.2 litr göwrümli benzin hereketlendirijileri öz içine alýar. Hereketlendirijileriň kuwwaty, degişlilikde, 360 we 426 at güýjüne deňdir. Ulaglaryň ähli tekerleri hereketlenýär.